Belent hormatyň, mizemez dostlugyň nyşany.

Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş sapary, Türki döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlaryň ХIII sammitinde öňe süren halkara başlangyçlary, iki doganlyk ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, özara ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşandy üçin, Hajettepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktory derejesiniň berilmegi, şeýle hem Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň “Strategik dostluk nyşnynyň” gowşurylmagy türkmen-türk strategik hyzmatdaşlygynda täze sahypany açan taryhy wakalara öwrüldi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimhamedowyň gurmak we döretmek ýolunyň, parahatçylyk we dostluk ýörelgeleriniň, at-abraýynyň nobatdaky gezek dünýä dolmasydyr. Geografik we geosyýasy taýdan amatly ýerlerde ýerleşen Türkmenistan, Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan bu gün halkara syýasatda, dünýä ykdysadyýetinde, sebitara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlykda agramly orny tutýarlar. Asylly maksatlar üçin döredilen Türki Döwletleriň Guramasynyň halkara giňişlikdäki tasirli orny barha pugtalanýar.