Ösümligiň dünýäde 3, Türkmenistanda 2 görnüşi gabat gelýär. Ösümlik diýarymyzyda Daşoguz medeni oturymynda, Hazarýaka çölünde köpçülikleýin duşýar. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Güneýigiň dermanlyk maksatlary üçin esasan oty hem porrugy çig mal bolup hyzmat edýär. Çig mallary adaty usulda taýýarlamaly. Ösümligiň kökünde uglewodlar we oňa ýakyn maddalar, eý maddalary bar. Şeýle hem ösümligiň otunda uglewodlaryň, alkoloidleriň, kumarinleriň, eý maddalaryň barlygy anyklanyldy. Gülünde we gültoplumynda safranal, geliotropin, karotol, mikroton saklaýan efir ýagy hem bar. Halk lukmançylygynda ösümligiň porrugyndan, otundan we gülünden taýýarlanylan dermanlyk peti Uzak Gündogarda böwrek hem dem alyş agzalarynyň sökelliklerinde peýdalanylýar. Güneýigiň miwesini tibet lukmançylygynda gyzamykda ulanýarlar. Üneýik bal beriji ösümlikleriň hataryna girýär. Düýeler üçin iým bolup hyzmat edýär. Ösümligiň 1 nahar çemçesi gülüni 1 litrlik demkeşe demläp. Mazaly demini aldyrmaly. Taýýar bolan jöwheri hasadan geçirip, her gün 3 gezek ýarym bulgurdan içmeli.