GYZGAN

Türkmenistanda 3 görnüşi gabat gelýär. Gyzgan- güneşi halaýan, gurakçylyga çydamly hem ýylylygy söýüji ösümlik. Gyrymsy agaç aprel-maý aýlarynda gülleýär, maý-iýulda miwesi ýetişýär. Gyzgan çöl hem dag eteklerinde, derýalaryň ýakalarynda, aglaba şorlaşan ýerlerde, ekin meýdanlaryň gyralarynda bitýär. Gyzgan ýurdumyzdaky seýregräk ösümlikleriň hataryna goşulýar. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Ösümligiň dermanlyk maksatlary üçin miwesi çig mal bolup hyzmat edýär. Gyzganyň miwesinde, tohumynda ýag, polisaharidler, C witamini, palmitin bilen oleinin turşulyklary saklanýar.halk lukmançylygynda gyzganyň miwesi bilen tohumy saraltmada, ödi oňat çykaryjy, aşgazan sanjysynda, dem agyr alnanda, iç sürüji serişde hökmünde haýyrlanylýar. Şeýle hem ol oňat bal beriji, iýimlik hem-de çägeleri berkidiji ösümlikdir. Gyzganyň bir nahar çemçe miwesini bir bulgur gaýnaga atyp, syrçaly gapda pessaý otda ýylylygyna deňleşýänçä goýmaly. Nahardan 20-30 minut öň her gün 3 wagtyna 10-15 günläp ýarym bulgurdan içmeli. Gyzganyň bir çaý çemçe owradylan tohumynyň un ýalysyny 100 ml spirte atyp, agzy mäkäm gapda 10 gün saklamaly. Soňra hasadan geçirip nahardan öň 5-10 damjasyny günsaýyn iki hepdeläp kabul etmeli.