Doňuzgataňňyr

Zirkler maşgalasyna degişli, köpýyllyk, görnüşi özgeren ýerasty baldagy-kluben emele getiriji, ömründe birnäçe gezek tohum beriji otjumak ösümlik. Doňuzgataňňyr mart-aprel aýlarynda gülleýär, miweleýär. Güli sary. Toplumynda 100-110 güljagaz ýerleşýär. Miwesi gozajyk. Ösümlik ýeriň aşagynda ýumruk ýaly armyt şekilli klubeni emele getirýär. Bäş-ýedi ýaşlarynda gülleýär. Ösümlik özüniň ösüş döwrüni gysga wagtyň içinde tamamlap, ömrüne gerek bolan dürli hajatlar üçin peýdaly we ýokumly maddalary klubende toplaýar. Doňuzgataňňyr Uly we Kiçi Balkanda,merkezi Köpetdagda giňden ýaýran. Esasan çägesöw hem-de dag eteklerindäki toýunsow ýerlerde, düme ekinleriniň içinde ösýär. Melhemlik maksatlary üçin gory ýeterlik. Emlik çig maly hökmünde klubeni hyzmat edýär. Ony baharda ýygnamaly. Esasanam, martyň soňky ongünlügi bilen aprel aýynyň birinji ongünlügi aralykda almaly.Şundan gijigseň tapylanok. Sebäbi onuň toprakdan ýokarky bölegi – baldagy aprel aýynyň 20-25-lerinden soň guraýar. Gazylyp alnan klubeni ikä ýa-da üçe bölüp, kölegede adaty usulda guratmaly. Sapaga düzüp goýsaň hem amatly saýylýar. Klubeniň 60-65% suw tutýar. Tagamy ajy, iýmäge ýaramsyz. Onda 44-70% çenli uglewod, triterpin saponinler, leontamin, leontidin, leontin hem-de beýleki karatinoidler bar. Ösümligiň klubeni spirt almak üçin gymmat bahaly çig maldyr. Düzüminde köp mukdarda alkaloidleriň bardygy sebäpli krahmaly iýmit hökmünde ulanylmaýar. Merkezi Aziýa lukmançylygynda peşew ýollarynda daş emele gelmek sökelligini dep etmekde ir döwürlerden peýdalanypdyrlar. Käbir açyk ýaralaryň üstüne ony sepseň, nepi degýär. Owradylan klubeniň üstüne bir bulgur gaýnag suw guýup, birnäçe wagt saklamaly,hasadan süzmeli. Demini alan jöwheri ýylyka her gün 3 wagtyna 1-2 nahar çemçeden içmeli. Şeýle taýýarlanylan jöwhere agzyňy çaýkasaň, dişiň etlerini berkidýär. Guragyrydan yza çekýän ýeriňe klubeniň 1-2 sanysyny mynjyradyp ýapsaň, nepi degýär.