ALÇA ŞIRESI Bu şiräni taýýarlamak üçin : 1 kg miwesi, 100 g şeker, 1 litr suw gerek. Alçanyň arassalanylan miwelerini pessaý otda 1-2 sagatlap gaýnatmaly hem-de ony elekden geçirmeli. Alnan pürä şeker we suw goşup täzeden gaýnadyp, sowanyndan soň islän wagtyňyz içibermeli. ÇITÇITI ŞIRESI Şiräni taýýarlamak üçin: 1 kg ýaşajyk çitçiti oty we 1 litr suw gerek. Çitçitiniň ýaşajyk ýapraklaryny baldagy bilen et üwelýänden geçirmeli hem ony 0,5 litr gaýnadylyň sowadylan suw guýup buglamaly hem-de şiräni hasadan geçirmeli. Sykylyp çykarylan şireden galanyny ikinji gezek et üwelýänden geçirip, oňa suw guýup ýene sykyp şiresini almaly. Ikinji gezekdäki alnan şiräni birinji bilen garmaly. Alnan şire dürli ýarym witaminli içgileri we tagam beriji hoşboýlyklary taýýarlamakda ulanylýar.Şiräni uzak möhletli saklamak üçin ony ýarym litrlik aýna gaba guýup, 65-70 dereje gyzgynlykda 15 minutlap gaýnatmaly we agzyny berk ýapyp, salkyn ýerde saklamaly.