ERMENI ÇERBIÝESI

Ermeni çerbiýesi – mamamçörekler maşgalasynyň çerbiýeler urugynyň wekili. Ösümlik iýun-sentýabr aýlarynda gülleýär, iýul- oktýabrda miwesi ýetişýär. Ol çyglylygy talap ediji ösümlik. Tohumy arkaly köpelýär. Lukmançylykda onuň köki çig mal bolup hyzmat edýär. Çerbiýäniň köki ir baharda ýa-da güýzde ýygnalýar.köküni depip alyp, gumlaryny aýyrmaly. Soňra ýuwmaly we agaçlaşan hem çüýrän ýerlerini aýyrmaly. Olary 20 sm galyňlykda bölekleşdirip, açyk howada ýa-da 50-60 dereje gyzgynlykda guradyjy enjamlarda guratmaly. Ösümligiň kökünde nemler, polisaharidler, krahmal, saharozalar, betain, ýag, pektin, eý, mineral we beýleki maddalar saklanýar. Ermeni çerbiýe halk lukmançylygynda meşhur ösümlikdir. Onuň kökünden taýýarlanylan peti gan gusmada, üsgülewikde we kükrek yzalarynda peýdalanylýar. Çerbiýäniň gülünden we ýapragyndan taýýarlanylan pete zenanlar saçlaryny ýuwýarlar. Ylmy lukmançylykda ol gakylyk goparyjy, ýumşadyjy, sowuklamanyň garşysyna, ötüşen bronhitde, traheitde, laringitde, bronh demgysmasynda ulanylýar. Şeýle hem onuň kökünden taýýarlanylan dermany gastritde we aşgazan hem onkibarmak içegäniň ýaralarynda, enterokolitde, iç geçmede, ekzemada, psoriazda, sistitde, agyz boşlugynyň nemli bardalarynyň ýaralaryny bejermekde peýdalanylýar. Dermanhanalarda çerbiýe köküniň gury we suwuk ekstraktlary, çerbiýe toşaby hem kükrek garyndysy bardyr. Ösümligiň iki çaý çemçesi owradylan gury köküni bir bulgur gaýnag suwuň içine atyp, 1 sagat goýmaly. Soňra hasa bilen süzüp, gün içinde her 2 sagatdan bir nahar çemçeden içmeli. Jöwheriň tagamynyň örän ajylygy sebäpli, oňa şeker ýa-da bal goşsaň bolýar.