«Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Täsin dermanlyk ösümligiň dünýäde takmynan 75, Türkmenistanda 16 görnüşi gabat gelýär. Boýdäne ýurdumyzdaky seýrek ot- çöpleriň hataryna girýär. Ösümligiň tohumy- dänesi dermanlyk maksatlary üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Boýdänäniň tohumynda steroidler , sitosterina, rutin we beýleki wajyp maddalar saklanýar. Dermanlyk hem iýmitlik ösümlik türkmen halk lukmançylygynda irki zamanlardan bäri ulanylyp gelinýär. Ony jynsy gowşaklykda ýa-da bedeniň endokrin sazlaşygynyň bozulmagy bilen baglanşykly jynsy gatnaşyklary amala aşyrmakdaky işleriň peselmeginde, bronh demgysmasynda peýdalanylýar. Boýdänäniň tohumyndan taýýarlanylan dermanlyk peti bedeniň gormonal fonuny kadalaşdyrýar, bronhlaryň ýylmanak myşsalarynyň gysylmalaryny dep edýär, çökündileriň hem galyndylaryň çykmagyny üpjün edýär, içki agzalarda ýakymly amatlyklar döredýär.