BADAM

Diýarymyzda badamyň 6 görnüşi ösýär. Baldagy ýylmanak. Örän köp gysgajyk şahaly, tikensiz. Daşy gyzylymtyl-goňras gabykly. Dermanlyk daragt ir gülleýär, ýagtylygy köp talap edýär. Badamyň melhemlik çig maly bolup hozy hyzmat edýär. Süýji badamyň maňzy ýakymly, ýagjymak tagamly, yssyz. Tohumynda 60,47% ýag, 7,80% uglewodlar, 23,30% beloklar saklanýar. Şeýle hem glikozidler, amigdalin, gematin, benzaldegid bilen sinil turşusy, B2 witamini, 20-ä golaý belokly madda hem-de saharoza bar. Ylmy lukmançylykda süýji badamyň tohumyndan taýýarlanan süýdi bilen ajysynyň suwy aşgazan bilen içege sökellilerinde peýdalynýar. Ýagy ýakymly iç sürüji hem-de derini ýumşadyjy serişde. Ajy badamyň suwy damar çekmegi rahatlandyrýar. Ösümligiň süýjisi içki agzalary arassalaýar. Beýniniň maddalaryny berkidýär, görüjiligi güýçlendirýär, bokurdagy ýumşadýar. Şeker bilen peýdalananyňda demgysma, öýken perdesiniň näsazlygyna, gangusma, peşewhalta, tohumyň mukdarynyň köpelmeginedir bedeniň katdyna gelmegine haýyrly. Her gün maňzyndan 100-150 gram iýmeli.