DEMIRTIKEN

Miwesi edil gäminiň labryna meňzäp duran täsin haşal dermanlyk ösümliginiň dünýäde 20, şol sanda Türkmenistanda 2 görnüşi duşýar. Demirtiken – düýedabanlar maşgalasyna degişli, inçejik kökli birýyllyk otjumak ösümlik. Ösümlik baldagynyň ýere ýazylyp süýşüp-süýşüp ösýändigi bilen tapawutlanýar. Ol maý-awgust aýlarynda gülleýär, iýun-sentýabrda miweleýär.Demirtiken diňe tohumlary arkaly köpelýär. Dermanlyk ösümlik diýarymyzyň ähli etraplarynda köpçülikleýin duşýar. Demirtikeniň oty dermanlyk üçin çig mal bolup hyzmat edýär.Dermanlyk çig maly ösümlik gülleýän ýa-da miweleýän döwründe taýýarlamaly. Ösümligi köki bilen toprakdan goparyp almaly hem onuň köküni kesip aýyrmaly. Demirtikeni bassyrmanyň aşagynda ýa-da açyk gün düşýän ýerde guratmaly. Ösümligiň düzüminde flawonoidler, diosgenin, protodiosin, kikuba-saponin, gitogenin, ruskogenin ýaly saponinler, fitoestrogenler, fitosterinler, sakyz, eý we reňk beriji maddalar, ýapragynda “C” witamin saklanýar. Abu Aly ibn Sina “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” eserinde demirtikenden taýýarlanylan melhemlik petdir jöwheri dömme çişleri, dürli ýaralary bejermekde hem peşew çykaryjy serişde hökmünde we böwrekde dörän daşlary aýyrmakda içmekligi maslahat beripdir. Halk lukmançylygynda onuň otundan taýýarlanan jöwheri bilen petini iç sürüji, ganly iç geçmäni, kelleagyryny dep ediji, gözüň sowuklamasyna haýyrly, ýarany bitiriji, buşukdyryjy, şonuň ýalyda gurplandyryjy serişde hökmünde ulanylýar.Häzirki zaman ylmy lukmançylygynda demirtikenden taýýarlanylan “Tribustan” dermany jynsy gowşaklykda ulanylýar. Şonuň ýaly-da düzüminde demirtiken saklaýan “Tribusponin” derman serişdesi sklerozy, aterosklerozy, gipertoniýany, öt näsazlygyny dep etmekde giňden ulanylýar.