«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Haşal derman ösümliginiň dünýäde 3, Türkmenistanda 1 görnüşi duşýar. Ösümligiň dermanlyk maksatlary üçin oty çig mal bolup hyzmat edýär. Ony adaty usulda guratmaly hem taýýarlamaly. Otuny ol hurmalamanka (tohumlamanka) ýygnamaly. Ysmanagyň otunyň düzüminde C, A, D, PP, K ýaly witaminleriň 20-siniň, turşuja, limon, alma turşulyklaryň barlygy anyklanyldy. Mundan başga-da onuň düzüminde beloklar, ýaglar, uglewodlar, demir, mis, sink, ýod, kaliý, fosfor ýaly mikroelementleriň, mineral duzlaryň köp mukdarynyň barlygy ylmy taýdan subut edildi. Ysmanak irki wagtlardan bäri azyklyk hem dermanlyk maksatlary üçin haýyrlanyp gelinýän ösümlikleriň naýbaşysydyr. Ysmanagyň şypaly dermanlyk häsiýetleri barasynda Abu Ali Ibn Sinanyň “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” diýen eserinde beýan edilýär. Ol ysmanagyň şiresini içgeçmäniň garşysyna ulanypdyr. Ysmanak derman hökmünde peýdalanylanda şowakörlük, azganlyk, witamin ýetmezçiligi, içgeçme ýaly keseller bilen kesellän adamlara nepi degýär.