GARGADIL

Türkmen topragyndaky täsin hem enaýy ösümlikleriň hataryna girýar. Bu täsin melhemlik ösümligi peýkamýaprak diýip hem atlandyrylýar. Ösümlige beýle adyň berilmegi onuň ýapraklarynyň daşky görnüşiniň peýkama çalymdaşlygyndan gelip çykýar. Gargadiline toprakda kluben emele getirmek we baldagy ýapraksyzlyk mahsusdyr. Ösümlik köplenç çygly ýerlerde hem agaçlaryň kölegesinde, şonuň ýaly-da gaýalarda ösmäni halaýar. Çagylly hem daşly ýerlerde oňat ösýär. Gargadil özüniň ösüş döwrüni gysga wagtyň içinde tamamlap, ömrüne gerek bolan dürli harajatlar üçin peýdaly we ýokumly maddalary görnüşi özgeren ýerasty baldagynda toplaýar. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Ekip ýetişdirseň hem bolýar. Melhemlik maksatlary üçin ösümligiň görnüşi özgeren ýerasty baldagy çig mal bolup hyzmat edýär. Olary ir baharda ýa-da güýzde ýygnamaly. Klubenleri bölekleşdirip, sapakdan geçirmeli-de, oňat ýel çekýän ýerde asyp goýmaly. Mümkinçilik bolsa, ýörite enjamda, takmynan 40 dereje gyzgynlykda guratmaly.Täze klubenler zäherlidir. Taýýar bolan melhemlik çig maly kagyz haltalarda ýa-da gutylarda saklamaly. Ösümlikde polisaharidler, flawonoidler, kumarinler bar. Uçujy maddalar, krahmal hem alkaloidler kän, özlerei-de örän zäherli.halk lukmançylygynda böwrekde daş emele gelende, meteorizmde, ýokary turşulykda, dürli sanjylarda, bagyr sökelliklerinde, babasylda ulanylýar. Mundan başga-da türkmen halk tebipçiliginde ösümligiň klubeninden taýýarlanylan toz bilen güýruk ýagy garyp alnan melhemi guragyryda çalgy hökmünde ulanýarlar.Gargadiliň bir çaý çemçesi owradylan melhemlik klubenini bir bulgur sowuk suwa atyp 8 sagat goýmaly. Hasadan geçirip, emlik jöwheri üçe bölüp içmeli. Ösümligiň klubeninden taýýarlanylan iki nahar çemçesi tozy 50 gram guýruk ýagyna garyp, ony agzy mäkäm ýapylan gapda, garaňky ýerde 7-10 gün goýmaly, taýýar bolan melhemi agyryly ýeriňe çalmaly.