DIŞ-DIŞ ÝOLGUTLY

Haşal derman ösümligiň baldagy dik, şahalanan, olar açyk ýaşyl reňkli, daşy gür tüýjagazlar bilen örtülen. Ýapragyň goltugynda 10-15 sany güljagazlar ýerleşip, ýalan gül çogdamyny emele getirýärler. Olar şar şekilli, uzyn, açyk sary reňkli. Miwesi-uzynlygy, takmynan 2mm, ýumurtgapisint, üçgyraňly kütek, ýalaňaç, ýylmanak, köplenç garamtyl reňkli gozajyk. Ösümlik dag eteklerinde, çagylly eňňitlerde, jülgelerde ýola we çeşmelere ýakyn ýerlerde, derelerde hem eňňitlerde, arçalyklarda ösüp boý almany halaýar. Ösümlik maý-awgust aýlarynda gülleýär, iýun-sentýabr aýlarynda miweleýär. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Esasan merkezi Köpetdagda köp toplanan. Ösümligiň oty dermanlyk maksatlary üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Ösümligi gülleýän wagty ýygnamaly we adaty usulda guratmaly. Çig maly mata haltada saklamaly. Möhleti 2 ýyl. Otunyň düzüminde alkaloidler we beýleki azotsaklaýjy birleşmeler: 0,16% holin, stahidrin, 0,4% efir ýagy, C witamini, kofe fenolkarbon turşusy, flawonoidler, antosianlar saklanýar. Tohumynda ýokary gurluşly ýag turşusynyň barlygy anyklanyldy. Halk lukmançylygynda ösümligiň otundan taýýarlanylan peti ýiti respirator ýokançlarynda, bokurdagyň kesellerinde ulanylýar. Ösümligiň otunyň şerbeti agyryny aýryjy, gipotenziw serişdesi hökmünde peýdalanylýar. Türkmen halk lukmançylygynda ösümligiň jöwheri we peti aşgazan-içege bozulmalarynda, üsgülewikde hem bagyr kesellerinde ulanylýar. Ýolgutlynyň bir nahar çemçesi otuny bir bulgur suwa atyp, 30 minut goýmaly. Hasadan süzüp, her gün 3 gezek nahardan öň bir nahar çemçesinden içmeli.