EGRIJE

Täsin dermanlyk ösümligiň dünýäde 30, Türkmenistanda 1 görnüşi duş gelýär.dermanlyk ösümligiň ak gar kimin gülleri ýokarky ýapraklaryň goltugynda çogdamlaýyn ýerleşýär. Her çogdamynda 2-4 sany uzyn papaklyja güljagazlar bar. Gülýanynyň uzynlygy takmynan, 15 millimetr. Ösümligiň miwesi gyzyl reňkli iýmişdir. Ösümlik Solomonyň möhri hem mojek iýmişleri (zäherliligi sebäpli) ady bilen hem mälimdir. Ösümlik aprel-maý aýlarynda gülleýär, maý-iýunda miweleýär. Diýarymyzda Könegümmezde, Saýwanda, Germapda has köp düşýar. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Ösümligi ekip ýetişdirse bolýar. Egrijäniň oty hem porrugy dermanlyk çig maly hökmünde hyzmat edýär. Ösümligiň melhemlik otuny onuň güllemeziniň öň ýanynda, porrugyny güýz paslynda ýygnamaly.Ösümlik ýaşajyk pudaklarynda hem porrugynda köp mukdarda C witamini, şekeri, nemi, saponini, krahmaly, şonuň ýaly-da iýmişinde ýürek glikozidleri saklaýar.Egrije halk lukmançylygynda garnyň ýüzünde yza peýda bolanda, kelle agyryda, ýaralaryň ganyny saklaýjy hem olary bitiriji serişde hökmünde ulanylýar. Ösümligiň porrugyndan taýýarlanan melhemlik petiniň ýokary şepbeşikligi sebäpli, aşgazanyň we onkibarmak içegäniň başly sökelliklerinde, ganly içgeçmede, ruhy näsazlyk sebäpli gözüne bir zat görünmede, gulagyna bir zat eşidilmede haýyrlanylýar. Mundan başgada ösümlik gan arassalaýjy hem togtadyjy häsiýetlidir. Onuň ähli bölekleriniň gusduryjy täsiri bardyr. Ösümlik türkmen halk lukmançylygynda (Magtymguly, Bäherden we Gökdepe etraplarynda)yşky hyjywy güýçlendiriji hem gowylandyryjy dermanlyk serişde hökmünde irki wagtlardan bäri haýyrlanyp gelinýär.Egrijäniň bir nahar çemçesi (15 g) oňat owradylan porrugynyň üstüne iki bulgur (400ml) suw guýup, syrçaly gapda pessaý otda 15-20 minut gaýnatmaly. Soňra ony sowadyp, hasadan geçirmeli. Taýýar bolan melhemligi her gün 2-3 gezek bulguryň ¼ -den içmeli.