GUŞOKARA

Haşal derman ösümligiň dünýäde 15, Türkmenistanda 2 görnüşi duşýar. Ösümlik derýajyklaryň jülgelerinde, derelerinde, çygly ýerlerde, gyrymsy agaçlyklarda ösüp boý almany halaýar. Ol iýun-iýul aýlarynda gülleýär we miweleýär. Tohumy arkaly köpelýär. Diýarymyzdaky seýrek ot-çöpleriň hataryna goşulýar.Sünt-hasardag we Köpetdag döwlet goraghanalarynda goralýar. Guşokaranyň dermanlyk maksatlary üçin ýapragy, gültoplumy we köki çig mal bolup hyzmat edýär. Olary açyk howada adaty usulda ýygnamaly we guratmaly. Ösümligiň kökünde 10,05% triterpenoidler, iridoidler, 0,24% alkaloidler, otunda 8,5% triterpenoidler, 0,4% alkaloidler, flawonoidler, miwesinde iridoidler we tohumynda 19,45% ýag bar. Halk lukmançylygynda ösümligiň köki öýken inçekeselinde we merezýelde peýdalanylýar. Türkmen halk lukmançylygynda ösümligiň ýapragyndan hem gültoplumyndan taýýarlanylan peti, melhemi pastany ýylan çakanda we gabarçykda, babasyl düwünlerinde anestezirleýji serişde hökmünde ulanylýar. Ösümligiň otunyň peti we jöwheri sowuklamanyň garşysyna, böwrek kesellerinde haýyrly, dem alyş agzalarynyň ýerine ýetirýän işlerini, ýürek-damar ulgamyny we gan aýlanyşy sazlaýar. Dermanlyk peti halk lukmançylygynda gyzzyrmada, aşgazanyň howply çişlerinde we başlarynda ulanylýar. Gültoplumyndan taýýarlanylan pet guragyryda ulanylýar. Ösümligiň owradylan bir nahar çemçesi köküni bir bulgur suwa atyp, içi syrçaly gapda 10 minut gaýnatmaly. Hasadan süzüp, her gün 3 wagtyna bir nahar çemçesinden içmeli.