GARLA

Ýurdumyzda garlanyň 13 görnüşi ösýär. Ösümligi başgaça burça, garlanç diýip atlandyrylýar. Ösümlik aprel-maý aýlarynda gülleýär, miwesi maýyň ahyrynda ýetişýär. Garlanyň güli sap-sary bolup, ony ýolan dessiňe örän ýakymly ys burnuňa urýar. Bu ýakymly ys edil şekernana sepilýän wanilina meňzeş. Garlany ýolan eriňdeden edil süýde meňzeş şireli suwuklyk çogup çykýar.Bir salymdan soň ýaňky suwuklyk ýelim ýaly ýagdaýa geçip gataýar. Bu bolsa ösümligiň düzüminde köp mukdarda kauçuk maddalarynyň barlygy bilen düşündirmek bolýar. Garla daglaryň we baýyrlaruň eňňitlerinde gabat gelýär. Garlanyň toprakdan ýokarky bölegi ýazda ösýär, gülleýär we miweleýär. Tomsuň başynda bolsa guraýar. Ösümligiň topragyň aşagynda görnüşi özgeren ýerasty baldagy- klubeni galýar.Klubende ösümligiň ýaşaýyş hajatlary üçin gerek bolan maddalar toplanýar. Şonuň hasabyna täze baharda ösümlik ýene-de topragyň ýüzüne çykýar we ýaşaýşyny dowam etdirýär. Dermanlyk maksatlary üçin klubeni ulanylýar. Ony pil bilen gazyp almaly. Dermanlyk çig maly aýna gaplarda saklamaly. Klubeniniň düzüminde eý maddalary, glikozidler, aldegidler saklanýar.mundan başga-da şeker, kaliý, fosfor demriň duzlarynyň barlygy mälim edildi. Garlanyň klubeninden alynýan sakgyjy türkmenleriň daglyk obalaryndaky ilaty köpçilikleýin çeýnäp ulanyp gelýär. Sebäbi bu sakgyjyň dişe oňat täsir edýändigi, dişi arassalaýandygy mälimdir. Onuň klubeninden taýýarlanan melhemlik peti hem şondan bişirilen nahar berhiz iýmiti hökmünde ulanylýar. Garlanyň iki sany arassalanan klubenini bir bulgur suwa atyp, pessaý otda 10-15 minut gaýnatmaly, hasadan süzüp, taýýar melhemlik peti günde 3 wagtyna içmeli.