«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda “Saglyk” maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowylandyrmak, saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna, tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek boýunça bimöçber tagallalar edilýär. Täze döwrebap hassahanalar gurlup ulanylmaga berilýär. Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti G.M.Berdimuhamedowyň ak patasy bilen açylyp ulanylmaga berlen Ahal welaýatynyň Ýokanç keseller hassahanasy Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýär. Hassahana 200 näsag oruna niýetlenendir. Bu döwrebap hassahana daşary döwletleriniň dünýä belli öndürijileriniň iň kämil, innowasion lukmançylyk we tehniki enjamlary hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri bilen üpjün edilen birnäçe bölümlerden ybaratdyr.