SYÇRATGY

Haşal derman ösümligiň dünýäde 12, Türkmenistanda 1 görnüşi duşýar. Syçratgy maý-iýul aýlarynda gülleýär we miweleýär. Tohumy arkaly köpelýär. Ol gurak hem çüýrüntgä baý topraklarda ösüp boý almagy halaýar. Köplenç ýollaryň gyrasynda, ekin meýdanlaryň töwereginde, dag eteklerinde, derelerde we çeşmeleriň boýynda ösýär. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Ýurdumyz boýunça her ýylda 10-15 tonna çig mal ýygnamaklyga mümkinçilik bar. Ekip hem ýetişdirilýär. Ösümligiň dermanlyk maksatlary üçin köki we oty çig mal bolup hyzmat edýär. Onuň köküni güýzde ýa-da ir baharda ýygnamaly. Syçratgynyň kökünde köp mukdarda inulin, B1 C witamin, holin, şeker we eý maddasy saklanýar. Onuň hemme böleklerinde süýtli şire bolup, ol ajy maddalara baýdyr. Ösümlik halk lukmançylygynda giňden ulanylýar. Onuň kökünden hem gülünden taýýarlanylan peti merkezi nerw ulgamyny rahatlandyrýar, ýüregiň kadaly işlemegine ýardam berýär. Mundan başga-da syçratgynyň köki işdä açyjy serişde, böwregagyryny, içagyryny, azganlylygy, süýji keseli bejermekde peýdalanylýar. Şeýle-de garaguş kesellilere, kakynlylara, ýokary nerw gyjynyjylyk, ruhy nähoşluk, was-waslyk kesellerine duçar bolanlara peýdalanmak maslahat berilýär. Mundan başga-da ony arassalaýjy we madda çalşygyny sazlaşdyryjy serişde hökmünde ulanylýar. Deri kesellerinde (örgün örende, çyban çykanda) syçratgynyň peti haýyrlanylýar. Lukmançylyk maksatlary üçin syçratgynyň ýabany görnüşini haýyrlanmak has peýdalydyr, çünki onda ajy maddalar köp toplanýar. Ösümligiň guradylyp owradylan oty we köki gaýnadylyp, süzülip içilýär.