EÝRAN GYRASIŇŇILLIJESI

Dermanlyk hem bezeg ähmiýetli ösümlik gadymy Ortaýer deňziniň sany azalýan relikt görnüşi. Türkmenistanda 2 görnüşi duşýar. Ösümlik deňiz derejesinden 600-2800 metre çenli belentlikde bitýär. Ol daşly gaýalaryň jaýryklarynda, kölegeli yzgarly hem gyrymsy agaçlyklardawe arçalyklarda ösüp boý almany halaýar. Ösümlik sporalary arkaly köpelýär. Olar maý-iýun aýlarynda ýetişýär. Ösümlik diýarymyzdaky seýrek ot-çöpleriň hataryna goşulýar. Ekip ýetişdirmek maslahat berilýär. Ol Köpetdag we Köýtendag goraghanalarynda goralýar. Eýran gyrasiňňillijäniň ýaşajyk ýapraklary dermanlyk maksatlary üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Olary gaýçy bilen gyrkyp almaly we bassyrmanyň aşagynda adaty usulda guratmaly. Ösümligiň himiki düzümi ýeterlik öwrenilmedik. Onuň otunda eý we nem maddalar, şekerjimek jisimler saklanýar.Türkmen halk lukmançylygynda ösümligiň tozuny gany togtadyjy serişde hökmünde ulanýarlar. Ýapragynyň jöwher we peti gastritde hem aşgazan ýarasynda haýyrlanylýar.Ösümligiň ýapragyndan taýýarlanylan bir nahar çemçesi tozuny ýara ganasa ýa-da tene zeper ýetmeginde gan aksa şol ýere ýapmaly. Eýran gyrasiňňillijesiniň bir nahar çemçesi owradylan ýapragyny bi bulgur gaýnaga çaý demlän ýaly demlemeli, 1-2 sagat saklamaly. Jöwheri hasadan geçirip, her gün 2-3 gezek nahardan öň ýarym bulgurdan içmeli