Ösümligiň lukmançylykda dermanlyk maksatlary üçin oty hem gülleri çig mal bolup hyzmat edýär.Boýbodranyň dermanlyk otyny ol gülleýän wagty (maý hem iýun aýynyň birinji ýarymy) ýygnamaly. Ösümligiň baldagynyň ýokarsyny 15 santimetr uzynlykda orak ýa-da gaýçy bilen gyrkyp almaly. Dermanlyk güllerini taýýarlamak üçin olaryň her haýsyny aýratynlykda ýa-da 2 santimetr uzynlykda gültoplumy bilen almaly. Boýbodrany köki bilen goparylmaýar, çünki bu ýagdaý otluklaryň ýok bolup gitmegine getirýär. Ol hoşboý ysly, baldagynda, ýapragynda, gülünde efir ýagy, flawonoidler, ahillein, glikozidler, karotin, ajy, eý we biologik işjeň maddalar saklanýar. Boýbodran bedeni ýumşadýar, dykyn almany açýar, peşew çykaryjy täsiri bar. Böwrekdäki daşy eredýär we ony daşyna çykarýar, ýatgyda dörän ýaralary arassalaýar. Halk lukmançylygynda boýbodrandan taýýarlanan petdir jöwheri aşgazanyň nemli bardasynyň sowuklamasynda, içgeçmede, onkibarmak içegede dörän ýaralary bejermekde, bagyr we kelle agyryda, dem gysmada hem beýleki sökelliklerde dep etmekde ulanylýar. Boýbodranyň 15 gram gyradylan otuny 2 bulgur suwa atyp, syrçaly gapda gaýnatmaly. Soňra 45 minut goýmaly. Sowan melhemlik peti süzüp, nahar çemçesinden günde 2-3 gezek içmeli. Boýbodranyň owradylan gury otunyň üstüne 1 litr suw guýup, 10 minut gaýnatmaly. Taýýar bolan melhemi süzmeli we ýaralary ýuwmak üçin ulanmaly.