GARAPEÇE

Haşal dermanlyk ösümligiň dünýäde 110, Türkmenistanda 3 görnüşi gabat gelýär. Ösümlik başgaça sanjygül ýa-da sanjyoty diýip atlandyrylýar.Ol daşly we çagylly eňňitlerde, arçalyklarda ösýär. Tohumy arkaly köpelýär. Garapeçe esasan merkezi Köpetdagda köp toplanan. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Lukmançylykda ösümligiň oty çig mal hökmünde ulanylýar. Dermanlyk çig maly ösümlik gülleýän döwründe ýygnamaly. Olary adaty usulda guratmaly we taýýarlamaly. Garapeçegiň otunda 0,009% alkaloidler bar. Türkmen halk lukmançylygynda garapeçegiň otundan taýýarlanylan çaýy iriňli çaga örgüninde, gyzzyrmada, kükrek sökelliklerinde, el-aýak çekmesiniň garşysyna içilýär. Ösümligiň peti garaguş keselinde, sarygetirmede, burundan gan gitmede, öýken inçekeselinde, aşgazan-içege we zenan sökelliklerinde kabul edilýär. Garapeçegiň oňat guradylan hem owradylan bir çaý çemçesi otuny 1 litrlik demkeşe atyp, üstüne gaýnag suw guýmaly. Mazaly demini aldyryp, hasadan geçirip, her gün ýarym bulgurdan 3 wagtyna içmeli.Ösümligiň bir nahar çemçesi otuny bir bulgur suwa atyp, içi syrçaly gapda 10 minut pessaý otda gaýnatmaly. Emele gelen peti hasadan geçirip, gün içinde nahar çemçeden 3 gezek haýyrlanmaly.Melhem garaguş keseline, aşgazan-içege we zenan sökelliklerinde nepli.