GARAÇAÝYR

Haşal derman ösümliginiň dünýäde 10, GDA ýurtlarynda we Türkmenistanda 1 görnüşi duşýar. Ösümligiň uzyn ýere ýazylyp ýatan damarlary hem-de ýerasty we ýerüsti baldaklary bar. Garaçaýyryň baldagyndan ýokarlygyna dik ösen şahajygy “antenna” meňzeş. Garaçaýyr maý aýyndan başlap, tä oktýabryň ahyryna çenli gülleýär. Ösümlik suwarymly we ekerançylyk meýdanlarynda örän bitgin bolýar. Garaçaýyr tohumy we porrugy arkaly köpelýär. Ösümlik diýarymyzyň ähli ýerlerinde diýen ýaly duşýar. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik, köki we baldaklary çig mal bolup hyzmat edýär. Garaçaýyryň porrugynda köp mukdarda uglewodlar, saponinler, nemli maddalar, şeker, krahmal we tritisin polisaharidi saklanýar. Garaçaýyryň porrugyndan taýýarlanan melhemlik jöwheri döş kapasasynyň hem peşew-jyns agzalarynyň sökelliklerinde we umumy berkidiji serişde hökmünde ulanylýar. Halk lukmançylygynda böwrek kesellerinde, iç sürüji serişde hökmünde ulanmak maslahat berilýär. Garaçaýyryň porrugynyň bir nahar çemçesiniň üstüne bir bulgur suw guýup, ony içi syrçaly gapda 15-20 minut gaýnatmaly. Sowandan soň süzüp, kiçiräk käsejigiň möçberinde günde 2-3 gezek islän wagtyň içmeli.