GURŞUNGÜL

Dermanlyk ösümligiň dünýäde takmynan 24, Türkmenistanda 1 görnüşi duşýar. Ol jülgelerde we daşly eňňitlerde ösüp boý alýar. Ösümlik awgust-sentýabr aýlarynda gülleýär we sentýabr-oktýabr aýlarynda miweleýär.Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Ösümligiň dermanlyk maksatlary üçin köki, baldagy, ýapragy çig mal bolup hyzmat edýär. Çig mallary adaty usulda ýygnamaly hem-de bassyrmanyň aşagynda açyk howada guratmaly. Gurşungülde alkaloidler, 7,4% eý maddalary, saponinler, fenolkarbon tuşusy (gallow), naftohitonlar (plýumbagin), antraglikozidler, antosianlar (sianidin, delfinidin), flawonoidler (ýewropetin) bar. Köp ýurtlaryň halk lukmançylygynda gurşungül ýaradyr başlarda we gelip çykyşy dürli bolan çişlerde, deriniň şöhle kesellerinde peýdalanylýar. Ol antifungal täsirli we giň spektorda antibakterial işjeňlige eýedir. Kawkazda ter köküni diş agyryda ulanýarlar. Onuň owradylyp toz derejesine ýetirilenini ýag bilen garyp, gijilewigiň hem kömelekli keselleriň garşysyna peýdalanýarlar. Ösümligiň oňat owradylan bir nahar çemçesi ýapragyny bir bulgur suwa atyp, içi syrçaly gapda haýal ýanýan otda 10 minut gaýnatmaly. Emele gelen peti hasadan süzüp, her gün 3 wagtyna iki nahar çemçesinden içmeli. Ösümligiň köküniň 2 nahar çemçesi tozuny 100 gram ak ýag bilen garyp, melhemi günde iki wagtyna deriniň ýaralaryna, gijilewiginde çalmaly ýa-da ýapgy etmeli.