Derwişoty

Derwişoty – birýyllyk haşal otjumak ösümlik, ýapraklary nobatlaýyn ýerleşýär, gyralary gözenekli, gülleri sebetige ýygnanan.ösümlik iýun-noýabr aýlarynda gülleýär. Derwişoty köpelmäge juda ukyply. Onuň gül sebetjiklerinde müňlerçe tohumjyklar emele gelýär. Olar ýeliň, mör-möjekleriň, guşlaryň, suwuň täsiri esasynda köpçülikleýin ýaýrap, suwarymly ýerlerde, bag-bakjalyklarda ösýärler. Çägesöw we toýunsow toprakda ösmegi halaýar. Ösümlik diňe tohum arkaly köpelýär. Diýarymyzda garagum çölünden başga ähli ýerlerde duşýar. Emlik çig mal hökmünde gülläp oturan halyndaky oty hyzmat edýär. Çig maly iýun-noýabr aýlarynda ýygnamaly.Çalgy bilen çalmaly ýa-da orak bilen ormaly. Adaty usulda guratmaly. Osümlik düzüminde d-limonen, dipenten, d-a-terpineol bolan efir ýagynyň 0,3-0,6% saklaýar. Mundan başga-da tanini, holini we flawonoidleri özünde toplaýar. Derwişoty ýatgydan gan gitmede, esasanam klimakteriki döwürde peýdalanmak maslahat berilýär. Ösümlikden taýýarlanan melhemler gany togtadyjy serişde hökmünde dürli içki gan gitmelerde, ýokanç keselleriň garşysyna hem-de böwrekde daş emele gelme sökelliklerinde ulanylýar. Otundan taýýarlanan jöwhere saçyňy ýuwsaň ony berkidýär we ösmegini çaltlandyrýar. Derwişotunyň bir nahar çemçesi otuny bir bulgur gaýnag suwuň içine atyp 15 minut saklamaly. Soňra hasadan geçirip, her günde iki nahar çemçesinden 5-6 gezek içmeli.Melhemligiň mäkäm owradylan 150 gram otunyň üstüne 2 litr gaýnag suw guýup, iki sagat demine goýmaly. Taýýar bolan jöwheri hasadan geçirip, saçyňy ýuwmaly. Soňra mylaýym suw bilen durlamaly. Bejeriş möhleti 3 aý. Melhemligi hepdede iki gezek peýdalanmaly.