DÄNEGERÇEK

Dänegerçek diýarymyzyň dag eteklerinde, seýrek halatlarda Günorta-Günbatar Köpetdagda, Hojagalada, Magtymgulyda, Saýwanda, merkezi köpetdagda, Aşgabatda, Arçabilde, Gökderede, Bathyzda, Murgapda Farapda giňden ýaýran. Melhemlik çig maly hökmünde ösümligiň ýapragy, köki we tohumy hyzmat edýär. Bular ýygnalanda örän seresaply bolmaly. Düzümi güýçli alkaloidliligi üçin çig mallary ýygylanda eliňe ellik geýmeli. Gözüňi, agzyňy we burnuňy ellemeli däl. Çig mallary adaty usulda guratmaly. Dänegerçegiň oty skopalamin, giossiamin, giossin, tropin, asetiltropin, kuskgigirin, atropin, noratropin, tigloidin alkoloidli. Baldagy dekstrin, pektin, krahmal, gemisellýuloza uglewodly.Ösümligiň melhemlik häsiýetleri örän giň. Onuň täzesinden sykylyp hem süzülip alnan arassa suwuklygy gomeopatiýada, sussypeslik psihozynda, nerw biynjalygynda, damar çekmede, sakawlykda, ysmazda, inçekeselde, gökbogmada, garaguşagyryda peýdalanylýar. Köküniň tozy ýokanç kesellerde ulanylýar. Tohumy halk lukmançylygynda şol durşuna atmak ýa-da toz şekilinde garaguşagyryda, was-waslykda ulanylýar. Nerw sökelliklerinde, guragyryda, bogunlar bilen etiň sowuklamagynda dänegerçek tohumynyň ýagy çalynýar.