GAÝTARMA

Haşal derman ösümligiň dünýäde 3000, Türkmenistanda 2 görnüşi duşýar.Melhemlik otjumak iýun-awgust aýlarynda gülleýär, iýul-sentýabrda miwesi ýetişýär. Dag eteklerinde, dagda hem medeni oturymly ýerlerde ösýär. Seýrek ösümlikleriň hataryna girmeýär.Melhemlik maksatlary üçin gory ýeterlik. Emlik maksatlary üçin güllän çagy toprakdan ýokarky oty ulanylýar. Çig maly tutuş tomus paslynyň dowamynda ýygnamaly. Gaýtarmany gaýçy ýa-da orak bilen ýygnamaly. Toplanan çig maly kagyzyň ýa-da galyň matanyň üstünde guratmaly. Düzüminde laktin glikozid bolan werbenalin, taninler, alkaloidler, karotin bilen ajy maddalar bar. Otuny gara mallar iýenok. Öňler gaýtarmany hemme kesele em hasaplapdyrlar. Köplenç gyzdyrma, gowyşgynsyzlyk bilen kellagyryda ulanypdyrlar. Derlediji, peşew çykaryjy hökmünde nepi degýär. Nerw näsazlyklaryna oňat täsir edýänligi maglumatlarda nygtalýar. Bedeniň gyzgynyny peseldýär. Halk lukmançylygynda gaýtarmanyň gijilewigiň garşysyna peýdalydygy bellenýär. Diş we damak agyryda onuň otundan taýýarlanylan petine agzyňy çaýkamaly. Gresiýada gaýtarmany şu günlere çenli gudratly saýyp, “bagt getirýän” ösümlik diýip atlandyrýarlar. Iki nahar çemçesi otuny 1 litr suwa atyp 5 minut gaýnatmaly, soňra hasadan geçirmeli. Taýýar petini her gün dört gezek bir bulgurdan içmeli. Otunyň bir nahar çemçesini bir bulgur gaýnag suwa atmaly, soňra hasa bilen süzmeli. Emele gelen jöwher bilen ýylylygyna agzyňy çaýkamaly ýa-da ýaralara çalmaly.