Eýran ýowşany– çylşyrymly gülliler maşgalasynyň ýowşanlar urugynyň wekili. Ösümlik deňiz derejesinden 1800-2900 metr belentlikde bitýär. Ol ýerleriň derelerinde, dagyň daşly we çagylly eňňitlerinde ösýär. Ösümlik iýul-sentýabr aýlary gülleýär hem miweleýär. Tohumy arkaly köpelýär. Eýran ýowşany ýurdumyzda diňe Köýtendaga köpçülikleýin duşýar. Ol ýerlerde ýaprakly agaçlaryň arasynda, arçalyklarda we ýowşanlyklarda giň ýaýran. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Lukmançylykda eýran ýowşanynyň dermanlyk maksatlary üçin oty çig mal bolup hyzmat edýär. Ony ösümlik güllän wagty ýygnamaly. Eýran ýowşanyny kamforany almak üçin çig mal hökmünde peýdalanmak, şeýle hem ondan dürli hoşboý ys beriji erginleri we goşundylary hem dermanlyk garyndylary taýýarlamak mümkin. Ösümligiň ýapraklarynda we gülli sebetjiklerinde 0.21-0.4% efir ýagy bar, onuň düzümine, takmynan 16% kamfora, 12-14% kamfena, 7-12% pinena, 18% berneola, 25,5% bornilkapronata, 1,5% fenol, keton we başgalar girýär. Otunda alkoloidleriň, flawonoidleriň we kumarinleriň barlygy anyklanyldy. Eýran ýowşany hindi lukmançylygynda berkidiji, gyzgyny peseldiji we soguljany çykaryjy serişde hökmünde peýdalanylýar.Türkmen lukmançylygynda gül sebetjiklerinden taýýarlanylan tozy ary baly bilen garyp, soguljanyň garşysyna peýdalanylýar. Şeýle hem ösümligiň guradylan we owradylan ýokarky pudaklaryndan çaý demläp, demiň tutulmasynda, ýokarky dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda, ýüregiň gowşaklygynda içilýär, şonuň ýaly-da sowuklamanyň garşysyna, peşew we soguljan çykaryjy serişde hökmünde ulanylýar.Eýran ýowşanynyň bir çaý çemçesi owradylan otuny bir bulgur gaýnag suwa atyp, mazaly demini aldyrmal. Hasa bilen süzmeli. Taýýar bolan jöwheri her gün bir nahar çemçesinden 3 gezek içmeli.