Ahal welaýatynyň Ýokanç keseller hassahanasynyň kabul ediş bölümi 5 sany otagdan ybarat bolup, dürli ýokanç keselli näsaglary aýratynlykda kabul etmäge mümkinçilik berýär. Funksional-anyklaýyş bölüminde ornaşdyrylan USB enjamynyň kömegi bilen adam bedenindäki garyn boşlugynyň agzalarynyň, galkan şekilli mäziň, göwüs mäziniň barlaglaryny, rentgen enjamyň kömegi bilen öýkeniň we sünk ulgamynyň kesellerini, endoskopiýa enjamy bilen iýmit siňdiriş ulgamynyň dürli kesellerini anyklamak bolýar. Barlaghana bölüminde kliniki barlaghana, biohimiýa, bakteriologiýa, molekulýar-genetiki, immunologiýa barlaglary üçin otaglary hereket edýär. Fizioterapiýa bölüminde lazer, utgaşdyrylan wakuum, mikro tolkunly, ultrases magnit bejergileri ýerine ýetirilýär. Operasiýa geçirilýän, reanimasiýa we dogrum bölüminde näsaglara gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegini bermek we bejermek üçin zerur şertler döredilen. Dispanser bölüminde ýokanç keselli näsaglar hasaba alynýar we gözegçilik edilýär. Ýatymlaýyn otaglar bir, iki adama niýetlenen, olar şahsy gigiýena we beýleki ýaşaýyş üçin oňaýly bolan şertler bilen doly üpjün edilen.