GYZYLDÜÝP

Haşal dermanlyk ösümligiň dünýäde takmynan 25, Türkmenistanda 4 görnüşi ýabany ýagdaýynda duşýar. Ösümlik aprel-maý aýlarynda gülleýär, maý-iýunda miweleýär. Ösümlik dag eteklerinde, düzlüklerde, çägeli hem çägeli-daşly çöllerde ösmäni halaýar. Ösümlik diýarymyzda Garagumda, Garabogazda, Türkmenbaşyda, Bathyzda, Serhetabatda, Arçmanda, Aşgabatda köpçilikleýin duşýar. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Dermanlyk maksatlary üçin oty hem köki hyzmat edýär. Dermanlyk maksatlary üçin çig maly ösümlik doly güllände ýygnamaly. Olary kagyz ýa-da mata haltalarda gün şöhlesiniň düşmeýän ýerlerinde saklamaly. Onuň otunda biologiki işjeň maddalar bolan alkaloidleriň, kumarinleriň, flawonoidleriň barlygy anyklanyldy. Gyzyldüýbiň otundan taýýarlanylan jöwherdir petler bakteriýalaryň hem kömelekleriň garşysyna täsirli. Türkmen tebipçiliginde hem halk lukmançylygynda ganly içgeçmede, dürli deri kesellerinde we ýaralarynda haýyrlanylýar. Köki ýüň matalary boýalanda gyzyl reňki berýär. Mundan başga-da dowarlar we düýeler üçin iým bolup hyzmat edýär. Ösümligiň oňat owradylan bir nahar çemçe otuny bir bulgur gaýnag suwa atyp, içi syrçaly gapda pessaý otda 5-10 minut gaýnatmaly. Emele gelen melhemlik peti hasadan geçirip her gün nahardan 20-30 minut öň 3 wagtyna nahar çemçeden içmeli. Gyzyldüýbiň iki nahar çemçe otuny bir bulgur suwa atyp, haýal ýanýan otda goýalýança gaýnatmaly. Taýýar bolan melhemligi dürli deri kesellerine hem ýaralara ýapgy görnüşinde haýyrlanmaly.