DAŞKEKRE

Haşal derman ösümligiň dünýäde, takmynan 600, Türkmenistanda 13 görnüşi duşýar.Ösümlik maý-iýun aýlarynda gülleýär we miweleýär.Bir düýp ösümlik 200-250 sebetjigi emele getirýär. Olarda taкmynan 7000-e çenli tohum kemala gelýär. Köplenç çäge hem çegesöw toprakda bitýär. Daşkekre ülkämizde Aşgabadyň töwereklerinde we Magtymgulyda duşýar. Diýarymyzdaky örän seýrek ot-çöpleriň hataryna goşulýar. Dermanlyk maksatlary üçin gory ujypsyzja. Dermanlyk maksatlary üçin güli (gyraky güljagazlary) çig mal bolup hyzmat edýär. Olary doly güllände ýygnamaly. Ony gün şöhlesinden goragly ýerde, bassyrmanyň aşagynda ýa-da oňat ýel çekerli jaýda adaty usulda guratmaly. Daşkekräniň gülünde sianin glikozidiniň, sentaunin ajy glikozidiniň, mineral düzlaryň we beýleki az öwrenilen maddalaryň barlygy anyklanyldy. Ösümligiň güli halk lukmançylygynda peşew ýörediji hökmünde ulanylýar. Şeýle hem böwrek sowuklamasynda, sözenekde peşew kowujy deregine haýyrlanylýar. Daşkekräniň gülleri oňat öt çykaryjydyr. Gözüň nemli bardasynyň çişmeginde nepli. Ösümligiň bir nahar çemçesi gülüni syrçaly gaba atyp, bir bulgur gaýnag suw guýmaly, 45 minut gaýnadyp, sowansoň süzmeli. Alnan jöwheri 200 ml gaýnag suw bilen garmaly we 2 gije-gündiz saklamaly. Her gün 1 nahar çemçeden 3 wagtyna mylaýym görnüşinde içmeli.