GYJY-GYJY

Haşal hem dermanlyk ösümligiň dünýäde 5, Türkmenistanda 1 görnüşi gabat gelýär. Ösümlik tohumy arkaly köpelýär. Bir düýp ösümlik 50 müňe golaý tohum berýär. Gyjy-gyjynyň tohumy ýaşaýyş ukybyny 6 ýyla çenli saklap bilýär. Gyjy-gyjy ýurdumyzyň çöllük ýerlerinden başga hemme ýerlerde örän giňden ýaýrandyr. Ol haşal ot hökmünde baglaryň içinde, gök we bakja ekinleri ekilýän ýerlerde, meýdanda hem ýollaryň gyralarynda duşýar. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Onuň oty, ýapragy we güli çig mal bolup hyzmat edýär. Çig mallary esasan aprel-maý aýlarynda ösümlik gülleýän wagtlary ýygnamaly. Halk lukmançylygynda gan gitmede, böwrek we öt kesellerinde giňden ulanylýar. Şonuň ýaly-da gyjy-gyjydan ýasalan dermanlar arteriýa gan damarlarynyň basyşyny kadalaşdyrmakda hem peýdalanylýar. Ösümligiň ýaşajyk ýapraklary iýmek üçin peýdalanylýar. Ösümligiň täze otundan taýýarlanylan şiresini her gün 3 gezek 50-60 damjadan içmeli. Gyjy-gyjynyň 2 nahar çemçesi täze guradylan otuny bir bulgur gaýnag suwuň içine atyp, bir sagat töweregi saklap, hasa bilen süzmeli. Taýýar bolan peti günüň dowamynda 1 bulgurdan 3 wagtyna nahardan bir sagat öň kabul etmeli.