GYR-ÝOWŞAN

Beýleki ýowşanlardan ösümlik özüniň limon hoşboý ysy bilen tapawutlanýar. Tebigy şertlerde diňe Türkmenistanda ösýär. Ösüşi fewral-mart aýlarynda başlanýar, iýulda bolsa gunçalaýar. Ol şorrak we şor toprakda hem ösýär. Gurakçylyga hem sowuga ýokary derejede çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Lukmançylykda dermanlyk maksatlary üçin ösümligiň oty çig mal bolup hyzmat edýär. Gyr ýowşanyň düzüminde 1,56% efir ýagy, 14% protein, 5,8% ýag, 30% kletçatka, 35% azotsyz ekstraktiw maddalar we C witamini saklanýar. Ösümligiň örän hoşboý limon ysly efir ýagy parfýumer-kosmetik we azyk senagatynda peýdalanylýar. Halk lukmançylygynda dermanlyk jöwherini we petini gyzzyrmada, ýokary arterial basyşynda, işdä açyjy serişde hökmünde ulanylýar. Gyr ýowşanyň çig maly alkogolsyz içgileri we ýokary hilli üzüm çakyrynyň önümçiliginde peýdalanylýar. Ösümligiň bir çaý çemçesi owradylan otuny bir bulgur gaýnag suwa atyp, 1-2 sagat saklamaly we hasa bilen süzmeli. Taýýar bolan jöwheri her gün bir nahar çemçeden 3 gezek içmeli.