GARA TUT

Dermanlyk, azyklyk hem bezeg ähmiýetli daragt gadymy hem-de uzak ýaşaýan ösümlikleriň hataryna girýär.Daragt aprel-maý aýlarynda gülleýär, iýul-awgustda miweleýär. Ol kök çykyntgylary hem-de tohumy arkaly köpelýär. Ýurdumyzyň hemme ýerlerinde diýen ýaly ösdürilip ýetişdirilýär. Daragtyň dermanlyk maksatlary üçin köküniň we sütüniniň gabygy, ýapragy hem miwesi çig mal bolup hyzmat edýär.Çig mallary adaty usulda ýygnamaly hem taýýarlamaly. Gabyklary we ýapragy mata haltalara gaplamaly, miwesini kagyz haltada ýa-da gutuda saklamaly.Çig mallyk gabyklaryň we ýapragyň saklanyş möhleti 1-2 ýyl, miwesiniňki-1ýyl. Gara tuduň sütüniniň gabygynda eý maddalary, malberrin flawonoidi, ýapragynda- C witamini, kofe fenolkarbon turşusy, rutin flawonoidi, kempferol, kwersetin, fridelin, hederagenin tripenoidler, sitosterin, umbelliferon we skopoletin kumarinleri; miwesinde -5-10% uglewodlar, 1,8% organiki turşulyklar, B1, B2, PP, C witaminler, karotin, eý maddalary; tohumynda- efir ýagy bar. Halk lukmançylygynda agajyň bişip ýetişmedik ter miwesi, bişen tudanasynyň şiresi ýa-da jöwheri içgeçmä garşy ulanylýar. Bişen tudananyň özüniň çalarak iç sürüjilik täsiri hem bardyr. Ol bedendäki dykylary açýar we arassalaýar, ganyň gyzgynlygyny peseldýär. Bokurdakdaky, damakdaky, kentlewikdäki we dildäki çişi sorup alýar hem olary pugtalandyrýar, işdäni açýar. Içegelerdäki dörän ýaralara haýyrly. Hytaý lukmançylygynda daragtyň köküniň gabygy howply çişlerde we iç sürüji hökmünde ulanylýar. Onuň toz görnüşindäkisi ýa-da peti soguljanlara garşy we diuretiki hem dismenoreýada haýyrlanylýar. Ýapragyndan taýýarlanylan şerbet we spirtli ergini ýürek-damar ulgamynyň kesellerinde gipotenziw häsiýetli. Toşaby laringitde çaýkamak üçin ulanylýar hem-de derlediji hökmünde içilýär.Miwesiniň peti difteriýada, agyz boşlugynyň zeperlenmesinde çaýkamak arkaly ulanylýar.Tudanasynyň şiresi we özi ary baly bilen garylyp, bokurdak ragynda oňa çalynýar. 100 ml tudana şiresini we özüni şol gatnaşykdaky ary baly bilen garyşdyryp, 7 hepde goýmaly.Taýýar bolan melhemligi günde 3 gezek zeperli ýeriňe çalmaly.Gara tuduň guradylan hem owradylan 4 nahar çemçesi ýapragyny 100 ml spirtiň içine atyp, agzy berk ýapylan aýna gapda 10 gün goýmaly. Taýýar bolan şerbedi hasadan geçirip, her gün 3 gezek 10-15 damjadan kabul etmeli.