GELŞIKLI GÖKGÜLÄLEK

Dermanlyk hem bezeg häsiýetli gökgülälegiň dünýäde 20, Türkmenistanda 6 görnüşi duşýar. Olaryň aglabasy dermanlyk häsiýetli ösümlikdir. Gülleri açyk sary reňkli, onuň ortasy gyzyl ýa-da gyzylymtyl reňkli, esasy gara reňkli süýrümtik menekli. Ösümlik aprel-maý aýlarynda gülleýär we miweleýär. Tohumy arkaly köpelýär. Ösümligiň oty we tohumy dermanlyk maksatlary üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Otuny ösümlik gülleýän döwri ýygnamaly, adaty usulda guratmaly. Tohumyny doly bişende ýygnamaly. Gelşikli gökgülälekde 0,2-0,7% alkaloidler (glauwin, glausin, izoboldin, izokoridin, koridin, protopin, helidonin we başgalar ) bar. Türkmen halk lukmançylygynda gelşikli gökgülälegi guragyryny, dem alyş ýollarynyň sowuklamasyny bejermek üçin, şonuň ýaly-da buşukdyryjy gakylyk goparyjy serişde hökmünde, şiresini göze ak düşmede peýdalanýarlar. Özbegistanda ösümligiň ýerüsti böleginden taýýarlanylan peti bilen jöwheri çagalary ukladyjy we süýji keseliň garşysyna dermanlyk serişde hökmünde, Ermenistanda- üsgülewikde ulanylýar. Ylmy lukmançylykda gidrohlorid glausini üsgülewigiň garşysyna oňat netije berýän derman serişde hökmünde ulanylýar. Ösümligiň oňat owradylan hem guradylan bir çaý çemçesi otuny bir bulgur suwa atyp, içi syrçaly gapda 10 minut gaýnatmaly. Melhemlik peti hasadan süzüp, her gün 3 wagtyna bir çaý çemçesinden içmeli.