GOŞADIŞ

Haşal derman ösümligiň dünýäde takmynan 200, Türkmenistanda 1görnüşi duşýar. Ösümligi başgaça sarygetirmäniň oty, pişik, ýapyşak, ittikenek, garagyz diýip atlandyrýarlar. Goşadiş tohumy arkaly köpelýär. Ýaşaýyş ukybynyň ýokarylygy sebäpli, haşal ösümlikleriň hataryna hem goşulýar. Goşadiş ýurdumyzdaky seýregräk ot-çöpleriň hataryna goşulýar. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik.Goşadişiň dermanlyk maksatlary üçin ýaprakly ýokarky gülsüz bölegi hyzmat edýär. Ony ösümlik güllemänkä ýygnamaly. Ýygnalan oty oňat ýel çekýän ýerde bassyrmanyň aşagynda adaty usulda guratmaly. Ösümligiň düzüminde eý maddalar, efir ýagy, nem, karotin, C witamin, margenes, flawonoidler we pigmentler bar. Goşadiş halk we ylmy lukmançylygynda bagyr kesellerini, kelleagyryny, ekzemany, gorky zerarly emele gelen sökellikleri, deri kesellerini, böwrek hem aşgazan kesellerini bejermekde giňden ulanylýar. Ösümlikden taýýarlanylan jöwheri hem peti sowuklamanyň garşysyna suwa düşünmek arkaly peýdalanylýar. Deri kesellerini bejermekde onuň otunyň suwuna düşünmek örän peýdaly. Ösümligiň petini çagalaryň diatez kesellerinde, seboreýede, aşgazanyň başly sökelliklerinde, damar çekmede, psoriazda, çagalar gorkanda ulanylýar. Goşadiş ýarany guradýar we çalt bitirýär. Häzirki wagtda goşadişi derlediji hem peşew çykaryjy serişde hökmünde hem ulanylýar. Goşadişiň bir nahar çemçesi otuny bir bulgur suwuň içine atyp, içi syrçaly gapda pessaý otda 10-15 minut gaýnatmaly. Soňra ony 45 minudyň dowamynda sowadyp, üstüne ýene-de bi bulgur gaýnan suwy guýmaly. Emele gelen melhemlik peti hasadan geçirip, nahar çemçeden her gün 3 wagtyna içmeli.