ATGULAK

Dermanlyk hem haşal ösümligiň Türkmenistanda 10 görnüşi gabat gelýär. Atgulak diýarymyzyň ähli etraplarynda duşýar. Ol düzlükleriň, daglaryň çygly ýerlerinde, çeşmeleriň golaýlarynda, derýajyklaryň we ýaplaryň boýlarynda ösýär. Lukmançylykda ösümligiň ýapragy we tämiz oty dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýär. Çig maly ösümligiň gülleýän wagtyndan (maý-awgust aýlarynda) ýapragynyň saralyp başlaýan ýa-da bölekleýin gyzaran pursadyna çenli taýýarlamaly. Atgulagyň kökünde sitosterin, stigmasterin, holesterin, kampesterin ýaly steroidler we ýokary derejeli linol ýag turşusy saklanýar. Ösümligiň ýapragynda uglewodlar hem polisaharidler, nemler, manit, sorbit, aukunin we katalpol iridoidler, tirozol fenoly, wanilin, çomuç, kumar, salisil, benzoý fenolkarbon turşylary toplanan.Tibet, hytaý, mongol we koreý lukmançylygynda atgulagyň täze oty, şiresi hem dermanlyk jöwheri – ýarany çalt bitiriji serişde, aşgazan- içege kesellerinde, diareýada, enteritde, pnewmoniýada, öýken inçekeselinde, bronhitde, plewritde, nefritde, burun ganamasynda ulanylýar. Ary baly bilen garylan şiresini çagalaryň dizuriýa sökelliginde diuretik deregine haýyrlanylýar.Halk lukmançylygynda hem atgulagyň şiresi we jöwheri giňden ulanylýar. Atgulagyň tohumyndan taýýarlanylan dermanlyk peti amaly ginekologiýada- zenanlaryň endokrin görnüşli önelgesizliginde ulanylýar.