Ülkämiziň çöllük ýerlerinde ösýän bozagany başgaça ýowşan, limonly ýowşan, ysly ýowşan diýip atlandyrýarlar. Bozagan çägesöw toprakda ösýär, gurakçylyga we sowuga çydamly. Ösümlik awgust-sentýabr aýlarynda gülleýär we miweleýär. Dermanlyk maksatlary üçin ösümligiň oty çig mal bolup hyzmat edýär. Ony ösümlik gülleýän wagty gyrkyp almaly. Çig maly günüň düşmeýän ýerinde guratmaly. Bozaganyň otunyň düzüminde flawonoidler, kumarinler, laktonlar, alkoloidler we saponinler bar. Türkmen halk lukmançylygynda ösümligiň otundan taýýarlanan peti we jöwheri gadymdan bäri soguljanyň garşysyna ulanylýan serişdedir. Ol melhemlik basykda bokurdagy çaýkamak üçin hem ulanylýar. Ösümligiň bir nahar çemçesi (15g ) owradylan otuny bir bulgur (200ml) suwa atyp, içi syrçaly gapda pessaý otda 10 minut gaýnatmaly, soňra süzmeli. Taýýar bolan peti günde irden we agşam ýarym bulgurdan (100ml) içmeli. Bokurdagy çaýkamak üçin 5 gram gury otuny bir bulgur gaýnan suwa atyp, mazaly demini aldyryp, süzüp, mylaýym görnüşinde günde 3 wagtyna ulanmaly.