DOŇUZTOPALAK

Melhemlik haşal ösümligiň dünýäde 300-den gowrak, Türkmenistanda 5 görnüşi duş gelýär. Doňuztopalak- ýylaklar maşgalasynyň topalaklar urugynyň boýy 20-40 santimetre ýetýän köpýyllyk otjumak porrukly wekili. Ösümligi halkyň arasynda topalak, dilkesen, gündesalam hem diýip atlandyrýarlar. Doňuztopalak- inçe porrukly, kökünde köp sanly kluben emele getirýär.Ýapraklary çal reňkli, ýasy, gysga sapakly. Gültoplumy saýawan şekilli. Ol ýylylygy we ýagtylygy söýüji ösümlikleriň hataryna girýär. Melhemlik otjumak adatça aprel aýynyň birinji ýarymynda gülläp başlaýar. Doňuztopalak tohumy arkaly hem wegetatiw ýoly bilen köpelýär. Ösümligiň bir düýbi ösüş döwründe, takmynan 10 müň tohum hem 100 sany klubeni emele getirmäge ukyply. Ülkämiziň ähli etraplarynyň suwarymly ýerlerinde köpçülikleýin ösýär. Daşoguz welaýatynda örän seýrek duşýar. Melhemlik maksatlary üçin gory ýeterlik. Doňuztopalagyň klubenleri hem porruklary dermanlyk maksatlary üçin hyzmat edýär. Ösümligi pil bilen depip almaly-da, onuň köküniň daşyndaky gumlary kakyşdyryp aýyrmaly. Soňra olar ownuk gözli demir tordan geçirilende klubenleri hem porruklary galýar.Taýýar çig maly kagyz haltada saklamaly. Ösümligiň porrugy, klubenleri we kökleri özünde krahmaly, alkaloidleri, polifenol birleşmelerini, 1% çenli kamfora ysly efir ýagyny, siperonlary, 45% çenli spirtleri saklaýar. Gündogar, şol sanda türkmen halk lukmançylygynda haşal otjumagyň klubeninden taýýarlanylan dermanlyk jöwher derlediji, peşew çykaryjy serişde hökmünde ulanylýar. Kähalatlarda çagalar üçin ukladyjy hem agyryny aýryjy em deregine haýyrlanylýar. Mundan başga-da, bu emlik jöwheri gazan, böwrek hem bagyr sökelliklerinde gyzdyrmada, şonuň ýaly-da dürli ýaralary bejermekde ulanylýar. Doňuztopalagyň guradylan bir nahar çemçesi klubenini 1 litrlik demkeşe atyp, oňat demini aldyrmaly. Taýýar bolan melhemlik jöwheri hasadan geçirip, gün içinde 3 gezek nahardan öň ýarym bulgurdan içmeli. Emlik jöwher derlediji, peşew çykaryjy, çagalar üçin ukladyjy hem agyry aýryjy serişdedir.