Demokratiýanyň milli nusgasy

Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, şeýle hem ýurdy syýasy-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna, kanunlara garaýar we makullaýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýylky ýüzlenmelerini diňleýär, parahatlyk we howpsuzlyk meselelerine garaýar, kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukugyny amala aşyrýar hem-de Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňüne tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar. Maksatlary durmuşda amal etmekde halk wekilçiliginiň täze nusgasynyň geljekde jemgyýetimiziň we döwletimiziň ösmegine, halkara bileleşigine özüniň ornuny has pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine halkymyz uly ynam bildirýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda asyrlaryň synagyndan geçen milli demokratik däplerinden, durmuş ýörelgelerinden gözbaş alyp, raýat jemgyýetiniň kämilleşdirilmegine, wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň işini ösdürmäge, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygynyň has ygtybarly bolmagyna uly ýardam edýär.