Bu gün Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bagtyýarlyga beslenýän döwrümiziň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň sport durmuşynyň hem şeýle wakalara beslenmegi bolsa ulgamyň işgärleriň her biriniň kalbynda milli sportumyzy ösdürmek ugrunda durmuşa geçirýän beýik işlere buýsanç duýgusyny döreýär. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda türkmen döwletimiziň sport abraýynyň ýokary göterilmegini we welosiped sportuny ösüp gelýän nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň okuwçy-türgenleriniň hem-de tälimçi-mugallymlarynyň we welaýatyň çägindäki orta mekdep okuwçylarynyň arasynda welosiped sportunyň taryhyny, ýurdymyzda welosiped sportuny ösdürmek boýunça alynyp barylýan işleri düşündirmek boýunça wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle-hem 2022-nji ýylyň aprel aýynyň dowamynda we 7-sine Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçiljek sport çärelerine we welosiped ýörüşine hem Ahal welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hem-de garamagyndaky edara-kärhanalarynyň işgärleri tarapyndan birnäçe işler amala aşyryldy. Muňa mysal edip aprel aýynyň dowamynda Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň okuwçy-türgenleriniň hem-de tälimçi-mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirilen ertirki beden maşklaryny, 2022-nji aprel aýynyň 3-ne Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurnalan welosipedli ýöreýşi, şol aýyň 4-ne Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň sport mekdebiniň öňünde geçirilen sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary hem-de 7-ne Arçabil şaýolunyň Ahal welaýatynyň çäginiň başlaýan ýerinden, Ak bugdaý etrabynyň Baky Bitarap Türkmenistan (Ahal) köçesiniň çatyrygynda ýerleşýän Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebiniň öňünde tamamlanjak welosipedli ýörüşi we sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen görkezmek çykyşlary aýtmak bolar.