“Türkmenistan Parahatçylygyň we Ynanyşmagyň Watany” ýylynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 08-nji ýanwaryndaky 2080 belgili karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýastynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça, Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda, Ahal wleýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar gurmasynyň Ahal welaýat geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlyklarynyň hem-de sport mekdep-internatynyň okuwçy-türgenleriniň gatnaşmagynda “Ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda “Ýurdymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn durmyşyny üpjün etmek we olary köpçülikleýin sporta çekmek barada edilýän goldaw”, “Ýaş nesillerimizi ruhy taýdan ahlakly, watan söýji hem-de ýurdymyzy ösdürmekde ukyply ýaşlar edip ýetişdirmekde edilýän atalyk aladalar” şeýle-hem “Sport diplomatiýasy” temalary boýunça düşündiriş işleri geçirildi.