ABUL FAZLYŇ (SARAHS BABA) KÜMMETI

Il arasynda Sarahs baba diýlip atlandyrylýan bu ajaýyp bina Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda sarahsly ussalar tarapyndan 1023-nji ýylda aradan çykan Abul Fazl Hasanyň guburynyň üstünde galdyrylan kümmetidir. Sarahs baba (Abul Fazl) kümmeti monumental kompozisiýadan ybarat bolup, onuň esasy göwrümi parallelepiped görnüşindedir. Desga taraplary 23 х 23 sm, galyňlygy 4-4,5 sm bolan inedördül bişen kerpiçlerden gurlan. Inedördül bolan bu binanyň diwarlarynyň daşky ölçegleri 15,40 metre, içki ölçegleri 10,2 metre barabardyr. Diwarlarynyň galyňlygy 2,5 metre ýetýär. Abul Fazl Sarahsy özüniň akyl-paýhaslylygy, sadalygy, adamkärçiligi, belent mertebeliligi bilen halkyň uly hormatyna mynasyp bolan şahsdyr. Abul Fazlyň (Sarahs baba) kümmetiniň suratyny ilkinji gezek 1894-nji ýylda professor W.A.Žukowskiý çap edipdir. Kümmet häzirki Sarahs şäheriniň 1,5 km günorta-gündogar tarapynda ýerleşýär. Bu bina 1947-nji ýylda onuň ölçeglerini we gaýtadan dikeltmek işlerini ýerine ýetiren A.M.Pribytkowanyň işinden soň ylma girdi.