Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Ahal welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligiň garamagyndaky Bäherden etrabynyň sport mekdebinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň saglygyny berkitmek hem-de olary ýurdumyzda bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmekde türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmakda ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etmek şeýle-de ýaş nesillermiziň, beden taýdan sagdyn, ruhubelent bolup ýetişmekleri üçin yzygiderli işler alynyp barylýar. Ýurdymyzda “Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministirligi tarapyndan meýilleşdirilen sport çäreleri, okuw-türgenleşik sapaklaryny we ýygnanşyklaryny geçirmegiň wagtlaýyn” tertibine laýyklykda türkmen Milli oýunumyz bolan küşt boýunça sport mekdebiniň binýadynda okuw-türgenleşik sapaklary uly depginde alnyp barylýar. Türgenleşik sapaklaryna gatnaşýan türgenler ýurdymyzda geçiriljek döwlet we halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görýärler.