Ýadygärlik Sarahsdan günortada, barmasy kyn bolan ýerde- dag gerişleriniň arasynda ýerleşýär. Ol IX-XIII asyrlara degişli ýadygärlikdir. Ýadygärlikde 1991-nji ýylda uly ylmy işgär Swiridenko tarapyndan barlag işleri geçirildi. Nardiwanly obasy jemi 10ga meýdanly derede ýerleşýär.Onda beýikligi 1-1,5 m bolan jaýlar gury usul bilen dag daşyndan örülendir. Jaýlardan başga bu ýerde daşdan örülen kerwensaraý bar. Ol Gezgädik çeşmesiniň barmasy kyn bolan ýerinde ýerleşýär.Kerwensaraýyň bu ýerde salynmagy orta asyrlarda bu ýerde gyzgalaňly söwda ýolunyň geçendigi barada pikir ýöretmäge esas berýär.Kerwensaraýyň tutýan meýdany 7ga bolan çöketligiň merkezinde ýerleşýär.Onuň ölçegleri daşyndan 120x80 m-e deň. Bu gönüburçlyk görnüşli desga bolup, ortasynda giň howly bar. Kerwensaraýyň demirgazyk we günbatar tarapynda güýçli weýran bolan gurluşyklaryň galyndylary bar.