Ulugdepe arheologiýa ýadygärligi soňky on ýylyň dowamynda içgin öwrenilip, barha uly meşhurlyga eýe bolýan gymmatly ýadygärlikdir.Bu taryhy – arheologiýa ýadygärlik türkmenleriň gadymy ata – babalarynyň örän irki zamanda (b.e. öňki III - II müňýyllyklarda) irki demir eýýamy diýilýän döwürde ýaşan ilatly menzil – mekanydyr. Ýadygärlik Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinden 4 km günortada, Kelet çaýynyň sag kenar ýakasynda ýerleşýär. Adyndan belli bolşy ýaly bu ýadygärlik uzak asyrlaryň dowamynda yzygiderli ýaşaýyş dowam eden baý medeni gatlakly 15 (on bäş) gektar çemesi meýdany bolup, 2001 – nji ýyldan bäri bolsa bu ýerde alnyp barylýan gazuw – agtaryş işleriniň dowamynda Ulugdepeden maddy we ruhy medeniýetiň maglumatlaryny özünde jemleýän örän köp arheologik tapyndylar ýüze çykaryldy.