Monjuklydepe II – bu ýadygärlik Kaka etrabynyň Mäne obasyndan 3 km günorta-gündogarda ýerleşýär. Ýadygärlik b.e. öňki VI – V müňýyllyk bilen senelenýär. Bu ýerde gazuw – agtaryş işleri ilkinji gezek 1959 -njy ýylda A.A.Maruşenkonyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh institutynyň arheologiýa bölümi tarapyndan geçirilýär. Gazuw – agtaryş, ylmy barlag işleri netijrsinde dag eteginde Änew –I – A döwrüne degişli bolan gadymy ekerançylyk obasynyň üsti açylýar. Häzirki döwürde bu ýerde “Abiwerd” goraghanasynyň işgärleri professor R.Bernbergiň ýolbaşçylygyndaky türkmen - german arheologiýa ekspedisiýasy bilen bilelikde iş alyp barýarlar.