XIX asyryň 40-njy ýyllaryna degişli bu ýadygärlik Sarahs şäherinden 13.5 km demirgazyk-günbatarda, Tejen (Gerirud) derýasynyň sag kenarynda ýerleşýär. XIX asyryň 40-njy ýyllarynda Tejenden gaýdan türkmenler çöllüge öwrülen oazise gelip, ýumrulan şäheriň harabalygyna el urman, özleriniň merkezi galasyny-Gowşuthan galasyny salypdyrlar. 1857-nji ýylda bu işlere meşhur Gowşut han ýolbaşçylyk edipdir. Sarahs töwerekleriniň kartasynda, rus goşunynyň serkerdesi Maksut Alihanow Amarskiniň düşündirişli ýazgysynda şeýle ýazylypdyr: «Merwe barýan ýol derýanyň sag kenary bilen gidip, güzerden 4 wýorstlukda (1 wýorst-2.1 km) Gowşuthan galasynyň harabalygyna girýär. Galanyň gorag haýatlary birnäçe dörtburçluk ölçegi öz içine alýar, berkitmäniň günorta tarapy derýanyň kert kenarlaryndan durýar. Bu gala 30 müň öýli Gowşut hanyň nökerleriniň daýanç ýeri bolupdyr». Gala pagsadan salnan diwarlar bilen goralan, tutýan meýdany 33 ga bolan uly giňişlikden ybaratdyr. Käbir ýerlerinde diňleriň galyndysy saklanyp galypdyr.