LÄBIK WULKANLAR.

Wulkanlar-tebigatyň täsin hadysalarynyň biridir. Wulkanlaryň güýçli partlamasy gadymy döwürlerden bäri adamlaryň ünsüni özüne çekipdir. Türkmenistanda hem nebit we gaz ýataklary bilen baglanyşykly bolan läbik wulkanlar bar. Läbik wulkanlar täsin tebigy hadysadyr. Bu özboluşly geologiki emele gelmelerdir. Olar köplenç suw we nebit bilen garyşan, yzygiderli ýa-da wagtal-wagtal ýerden atylyp çykýan läbik we gazyň garyndysydyr. Läbik wulkanlar Türkmenistanyň günbatarynda, Hazar deňziniň gündogar kenar ýakalarynda ýerleşýär. Gelip çykyşy boýunça bu wulkanlar aşaky we orta antropogen döwrüne (1.8 mln. ýyl mundan ozal), käbirleri golosene (100 müň ýyl mundan ozal) degişli bolup, häzirki döwürde hem dowam edýär. Häzirki wagtda bu wulkanlar tebigy geologiki ýadygärliklere degişlidir. Türkmenistanda bu wulkanlaryň ählisine «gaýnak» diýilýär. Ondan başga-da her wulkanyň daşky aýratynlygy ýa-da atylma häsiýetleri boýunça özboluşly atlary bar.