Pulhatyn köprüsi Sarahs etrabynyň günortasynda, Tejen derýasynyň daglykdan çykyp, düzlüge ýaýlyp ugraýan ýerinde gurlupdyr. Hywa taryhçysy Agehi 1826-njy ýylda Pulhatyn köprüsi barada şeýle ýazypdyr. «Pulhatyn – bu berk köpri bolup, daşy suwalan kerpiçden salnandyr, ol Tejen derýasynyň üstünde gurlan. Onuň uzynlygy 72 arşina (1 arşin 71 sm-e deň), ini 3 arşina deň, suw geçiriler ýaly 5 sany uly arka, 5 sany kiçi arka gurlupdyr». 1889-njy ýylda Rus patyşalygy zamanasynda köprüde düýpli rejeleýiş işleri geçirilip, köprüniň 5 sany uly gözleri suw akar ýaly goýlup, onuň ähli ýeri ýonulan daş bilen örtülipdir. Köpri derýanyň iň çalt akýan ýerinde bina edilipdir. Pulhatyn köprüsi orta asyrlarda Merw-Nişapur Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda Türkmenistandan Eýrana geçilýän ýeke-täk geçelge hökmünde kerwenlere hyzmat edipdir. Häzirki wagtda bu ajaýyp köprüniň uzynlygy 60 metr, ini 3 metr, beýikligi 10 metr. 1976-njy ýylda Tejen derýasynyň iň bir joşan wagtynda, bu köpri sekuntda 1600 kubmetr suwy geçirmäge ukyplydygyny görkezdi.