Hormatly Arkadagymyzyñ öňden görjülikli döwlet syýasaty netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe umumy adamzat ösüşinde wajyp orny eýeleýän ruhy-medeni gymmatlyklarymyz bolan kämil taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklerimizi geljek nesillerimiz üçin aýawly saklamaga gönükdirilen nusgalyk işler alnyp barylýar. Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň “Birleşik” obasynyň Günbatar tarapynda ýerleşýän taryhy depe. 1955-1962-nji ýyllarda W. M. Massonyň ýolbaşçylygynda GTAKE-niň XIV topary tarapyndan Aşaky Tejen ýaýlasynda ugurlaýyn gözleg işleri geçirlen döwründe aýan edilen “Köne Sarahs” taryhy – medeniýet döwlet goraghanasy döredilenden (1991) soň, bu ýadygärlikler goraghananyň sanawyna girizildi. 2005-nji ýylda “Köne Sarahs” döwlet goraghanasynyň ylmy işgärleri T. Artykow, M. Kemjaýew we S. Bäşimow tarapyndan barlanyldy we çyzga geçirildi. Ýadygärlik IX – XIII asyrlaryň başlaryna degişli bolup, orta asyr döwrüniň daýhan mülküniň howlusy bolmaly.