Hormatly Prezidentimiziň sport ulgamyny ösdürmekde alyp barýan syýasatynyň netijesinde köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni ösdürmek maksady bilen Ahal welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ak bugdaý sport desgasynda “Halkara welosiped güni” mynasybetli “Sagdyn bedende – sagdyn ruh” atly wagyz nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň başynda Ak bugdaý sport desgasynyň hünärmeni çykyş etdi we ol öz çykyşynda welosiped sürmegiň adamyň saglygyny berkidip, onuň işe ukyplylygyny artdyrýandygy , tebigata hem ekologiýa taýdan berýän peýdalary barada gyzykly berdi. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda sporty we bedenterbiýäni ösdürmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!